21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Bahreýn Patyşasy Türkmenistana gelýär
Bahreýn Patyşasy Türkmenistana gelýär
16.03.2019 92 Habarlar

15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary işler ministri, wise-premýer R.Meredow Bahreýniň Patyşasynyň 17 — 19-njy martda Türkmenistana meýilleşdirilen döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýlandygy bellenildi. 2011-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýne resmi sapar bilen bardy. Saparyň netijeleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny goýan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Hökümet derejesinde hem-de daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça amala aşyrylýan gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär.