21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Aýlyk zähmet haklary 9,4 göterim ýokarlandy
Aýlyk zähmet haklary 9,4 göterim ýokarlandy
13.04.2019 113 Habarlar

12-nji aprelda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer G.Myradow şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Makroykdysady görkezijiler munuň subutnamasydyr. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde üpjün edildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly tölenildi.