25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Agyr atletikaçy harby türgeniň üstünligi
Agyr atletikaçy harby türgeniň üstünligi
29.12.2018 338 Sport

Mälim bolşy ýaly, harby türgenleriň gazanýan sport üstünliklerini web-saýtymyzda yzygiderli paýlaşýarys. Ine, ýaňy-ýakynda hem Mary welaýatynyň Mary şäherinde Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Izzatbek Meredow 89 kg agram derejesinde gatnaşyp, 1-nji orny eýelemegi başardy. Ýatladyp geçsek, I.Meredow 2014-nji ýyldan şu güne çenli sportuň bu görnüşinden Türkmenistanyň çempionlygyny elden berenok. Bulardan başga-da 2012-nji ýylda Mýanmar döwletinde geçen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 77 kg agramda çykyş edip 4-nji ýer, 2013-nji ýylda Katarda geçen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda hem şol agramda çykyş edip 2-nji ýere mynasyp boldy. Harby türgenimiz dünýä çempionatlarynda hem üstünlikli çykyş etmegini dowam edýär. Ol 2013-nji ýylda Özbegistanda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda heniz ýaşlygyna garamazdan, ýaryşy 8-nji orunda tamamlamagy başarýar. Şu ýyl ýurdumyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hem agyr atletikaçy türgenimiz silkip götermekde 148 kg, itekläp götermekde 184 kg, umumylykda 332 kg agramlyk netije görkezmegi başardy.

Harby türgenimize özüniň saýlap alan ýeňil bolmadyk sportunda mundan beýläk hem diňe üstünlikleri arzuw edýäris!

«Milli goşun».

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.