19.02.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ady älemde dessan
Ady älemde dessan
14.01.2019 172 Harby Taryh

Görogly. Bu ýekeje sözi agzap bildigiň Ýewropa bilen Aziýa yklymyndaky halklaryň aglabasynyň göz öňünde watanperwerligi bilen ady äleme meşhur bolan edermen, gaýduwsyz, ugurtapyjy we ynsanperwer gerçegiň edebi keşbi janlanar. 2015-nji ýylda bolsa ol gerçegiň mertebesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen dünýä derejeli meşhurlyga beslendi. «Görogly dessançylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Mahlasy, Görogly begiň meşhur namasyndaky sözler bilen beýan etsek: «Görogly diýr, adym älemde dessan».

Görogly türki kowumly halklaryň ýigrimiden gowragyna mahsus bolan milli mirasdyr. Islendik taryhy eserler, taryhy sýužetleriň beýan edilmeleri taryhy, etnografik, lingwistik barlaglary talap edýär. «Görogly» eposynyň döreýiş taryhynyň milady hasaby boýunça biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklara degişlidigini eposy öwrenijileriň aglabasy tassyklaýar.

Azerbaýjan alymy Elçin «Göroglynyň» asyl kimligi dogrusyndaky sowalyň çözgüdini gadymy edebiýatyň miflerinden we beýik türk hökümdarlyklary döwürlerinde döredilen dessanlaryň gahrymanlary bilen utgaşykly gözlemelidigi baradaky pikiri öňe sürýär. Çünki dessanyň mazmunynda örän gadymy döwürlere
degişli mifologik alamatlary başgaça çemeleşme bilen aýdyňlaşdyrmak mümkin däl. Bu pikir türkmen göroglyşynaslarynyň hem hemişe üns merkezinde boldy. Sebäbi Göroglynyň aždarha bilen söweşişi, onuň peri gyzyna — perizada öýlenmegi, Gyratyň suw atynyň neslinden döremegi, Göroglynyň erenler bilen duşuşyp, olaryň ak patasyny almagy, Hezret Alynyň oňa nyşan hökmünde düýrme gylyjyny bermegi, 72 dili suwara bilmegi, ýaralarynyň ýyldyz görende gutulmagy ýaly mifiki alamatlar türkmenleriň gadymy ata-babalary hasaplanýan skifleriň döreden miflerinden üzňe däl. Şeýlelikde, «Görogly» eposynyň «Göroglynyň döreýşi» we «Göroglynyň öýlenişi» diýen şahalary «Skifleriň döreýşi» diýen mifden, «Bezirgen» şahasy gadymy Zerwan hakdaky miflerden hem-de «Görogly» eposynyň ähli şahalaryna diýen ýaly siňdirilen Göroglynyň goşunynyň ýeňilmezligi hakyndaky gürrüňleriň öz gözbaşyny skif goşunynyň deňsiz-taýsyz söweşjeňligi hakyndaky taryhy maglumatlardan alýandygy göroglyşynaslaryň dürli döwürlerdäki makalalarydyr ylmy işlerinde öz beýanyny tapypdyr.

Gysga ömründe düýpli çemeleşmelere batyrgaýlyk bilen ýapyşmagy başaran Ahmet Bekmyradow Göroglynyň asyl kimliginde türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz hany goýup görýär:

«Hytaý çeşmelerine görä, Mao-tun ýa-da Oguz heniz ýetginjekkä hanlaryň hangarlaryň elinde ýesirlikde bolýar. Bir gün çemini tapyp, özüniň bir günde 1000 li ýol geçýän argamagy bilen ýesirlikden gaçyp gutulýar. Öz iline gelip, sesli peýkam ýasaýar. Şol peýkamlary bilen meşhur bolýar. Şolaryň üsti bilen ýeňiş gazanyp, serkerdelik derejesine ýetýär. Şu hili taryhy faktlar bolsa eposdaky Göroglynyň Hüňkaryň elinde ýesirlikde bolup, gaçyşy, ýedi pilden ok geçirip, ýigit çykyp, kakasynyň hanlygyna eýe bolşy ýaly wakalary biygtyýar ýadyňa düşürýär»;

«Hytaý çeşmeleri Mao-tunyň döwründe hem ondan soňky zamanlarda hunlaryň iň esasy, «batyr hem asylly» taýpasynyň «tüke» diýlip atlandyrylandygyny belleýär. Mao-tun hem şu taýpadan bolupdyr. Bar bolan çeşmelerde Görogly teke taýpalaryndan çykan şahs diýlip aýdylýar. Eposda hem muny gahrymanyň özi hem «Tekeli-türkmenli ilden bolar men» diýip tassyk edýär. Biziň aňlaýşymyza görä, ine, şu tüke hem teke etnonimleriniň arasynda baglanyşygyň bolmagy mümkindir;

«Ýene-de şunuň ýaly ýagdaý bar. Gadymy hytaýlylar hunlara «sünnü» diýipdir. Mälim bolşy ýaly, eposda hem baş gahrymany garşydaşlary ýygy-ýygydan «Görogly sünni» diýip atlandyrýar. Munuň dini mezhep bilen dahylly bolman, şol gadymky düşünjäniň yzy bolmagy ähtimaldyr».

Göroglyşynas Rejep Pirjanow Göroglynyň asyl kimliginiň köküni Oguz handan we onuň ogullaryndan gözläp birnäçe utgaşykly pikirler öňe sürýär:

«Göroglyny Oguz han hem-de oguzlar bilen baglanyşdyrýan delilleriň biri-de «Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar» diýen nakyldaky öňe sürülýän pikirdir. «Arkaňda Dag han dursa, ýüregiň daşdan ýasalan ýaly, hatyrjem bolarsyň»;

«Görogly eposda «Otuz ýaşa başyn goşan, Salyr Gazan soltan gelsin» — diýip, Dag hanyň nesliniň görnükli wekilini ýatlaýar»;

«Oguznamalardan» bilşimiz ýaly, Oguz hanyň bir oglunyň ady Ýyldyz han. Görogly hem «Ýyldyz babamyň zürýady, Ok gönüläp atan gelsin» diýende şu Ýyldyz hany göz öňünde tutan bolmaly».

Göroglynyň edermenliklerini dünýä belli bolan Geraklyň hem-de Robin Guduň edermenlikleri bilen deňeşdirip öwrenilende, milli gahrymanymyzyň häsiýetinde umumadamzat ähmiýetli nusgalyk gymmatlyklar dabaralanýar.

«Çandybil» diýlen ýurt adynyň birinji «çand» diýlen bölegine hindi dilindäki «Aý» manysyny berip, ýer-ýurt adyny aňladýan «Aýböwür» manysyny ýa bolmasa, «Çandy ili» (ýagny Oguz hanyň ogly Aý hanyň ili» manylarynda bolmagy mümkindir. Çünki Görogly «Kyrk müňler» şahasynda Ýyldyz babanyň zürýadyny (Oguz hanyň Ýyldyz han oglunyň ogluny ýa neberesini) kömege çagyrýar.

Umuman alanyňda anyk, inkär edilmesiz maglumatlar tapylmaýan hem bolsa Göroglynyň asyl kimligini çaklamalarda öňe sürülýän we bolaýmagy mümkin diýlip hasaplanýan haýsydyr bir meşhur taryhy şahsyň — Jelalylaryň, Togrul begiň, Jelaleddin Meňburnyň we beýlekileriň üstüne köre-körlük bilen ýüklemek ýalňyş bolar. Çünki taryh ylmy hem takyk ylymlar ýaly ýalňyşlyklary bagyşlamaýar.

Türkmen halkynyň meşhur gahrymançylykly eposy bolan «Göroglynyň» döreýiş hem-de kemala geliş taryhy barada B.A.Garryýew, N.A.Aşyrow, M.Kösäýew, A.Gowşudow, Ö.Abdyllaýew, B.Mämmetýazow, A.Bekmyradow, R.Rejebow, A.Öräýew, P.Kiçigulow, A.Durdyýewa, A.Garryýewa, A.Baýmyradow, R.Pirjanow, N.Seýidow ýaly ençeme türkmen göroglyşynaslary tarapyndan düýpli işler amala aşyryldy. Aslynda Aziýada we Ýewropada ýaşaýan türki kowumly halklaryň ýigrimiden gowragyna mahsus bolan Görogly atly milli gahrymanyň asyl kimliginiň gözlegleri bilen gyzyklananlaryň we gyzyklanýanlaryň, ony derňeýänleriň we öwrenýänleriň sany ýüzlerçe, has takygy, müňlerçedir. Olardan azerbaýjanly B.Huluflunyň, H.Alizadäniň, P.Efendiýewiň, H.Göroglynyň, özbegistanly H.T.Zarifowyň, türkiýeli D.Ýyldyrymyň, E.Baýatyň we başga alymlaryň atlaryny agzamak bolar.

Görogly baradaky ajaýyp eseriň azerbaýjan, özbek, täjik, türk, gruzin, ermeni, kürt ýaly ençeme halklara degişli bolan nusgalarynyň aglabasynda diýen ýaly baş gahryman Göroglynyň asyl gelip çykyşynyň türkmenlerdendigi aýdylýar. Bu bolsa Görogly hakyndaky rowaýatlaryň ilki bilen türkmenleriň arasynda şineläp başlandygyna bil baglamaga esas berýär. Bu barada «Görogly» eposyny has içgin öwrenen alymlar W.M.Žirmunskiý bilen H.T.Zarifow dagy biri-biri bilen utgaşykly pikiri iki ýerde öňe sürýär:

«Orta Aziýa epiki dessanlarynyň («Görogly» dessanlarynyň) umumy aýratynlygy, olaryň ösüşi hem-de ýaýraýşy bir ýerden, ähtimal, Türkmenistandan başlanypdyr diýmäge mejbur edýär»;

«Halk gahrymanynyň (Göroglynyň) epiki ideallaşma. prosesi çak edilişine görä, onuň öz Watanynda — Türkmenistanda başlanypdyr. Bu ýerde meşhur türkmen gahrymanynyň gelip çykyşy, onuň urug-tiresi baradaky gürrüň — rowaýatlar saklanyp biler» (W.M.Žirmunskiý, H.T.Zarifow, «Uzbekskiý narodnyý geroiçeskiý epos», Moskwa, 1947, 183-184, 190 sah.).

Meşhur gündogarşynas Ý.E.Bertels bolsa «Türkmen halkynyň edebi geçmişi» diýen işinde şeýle diýýär «Rowaýatçylaryň köpüsi üçin Görogly elmydama türkmen halkynyň wekili hökmünde görnüpdir. Şu esasda hem rowaýatyň aslyýeti hut türkmen topragynda düzülendir diýip, çak etmek bolar» diýýär (XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler, Aşgabat, 1967, 33 sah.).

Gelip çykyşy türkmen kabylalaryndan bolan Mahmyt Gaznalynyň dolandyran kuwwatly döwletiniň, hut onuň başlangyjyndan soň Hindistanyň çäklerinde bäş ýüz ýyla golaý öz döwletlerini döreden we dolandyran türkmen hökümdarlarynyň, Seljuklaryň dolandyran döwletleriniň we Ärtogrul Gazynyň gadamyndan binýat tutan Osmanlylar döwletiniň, Müsüriň çäginde esaslandyrylan Eýýuplylar hökümdarlygy bilen türkmen gerçekleriniň hökümdarlyk eden Memluklar döwletleriniň, Akgoýunly hem Garagoýunly türkmen hökümdarlyklarynyň gerimini göz öňüne getirseň, bu hakykatyň dogrulygyna-da göz ýetirmek kyn düşmeýär. Diýmek, «Göroglynyň» köp halklara mahsuslygy türkmenleriň şu hili köp sanly halklar bilen ýakyn gatnaşykly bolmagy diňe bir taryhy ýagdaýlar bilen hem däl, eýsem olaryň şol wagtlarda geografiki taýdan şol halklaryň ortarasynda ýerleşendigi bilen-de baglanyşyklydyr.

Türki halklaryň aglabasynyň milli edebi mirasy hasaplanýan «Görogly» dessanynyň haýsy ülkelere degişlidigi dogrusynda ol halklaryň hersinde ençeme göroglyşynaslaryň, türki halklara degişli bolmadyk, emma dünýäde belli, tanymal gündogarşynaslaryň ylmy derňewleri we çaklamalary belli bir netijä gelmäge esas bermeýär. Iň esasy haýran galdyryjy pikirleriň biri hem Göroglynyň ady bilen baglanyşykly geografik atlaryň, adalgalaryň şol ýurtlaryň ählisinde diýen ýaly barlygydyr. Türki halklaryň ýaşaýan topraklarynda — Türkmenistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda Göroglynyň ady bilen bagly ençeme geografiki mekanlar, mesgenler, gadymy taryhy ýadygärlikler bar. Bularyň hemmesi türki halklaryň gelip çykyşy boýunça bir kökdendigini ýene-de bir gezek subut edýän hakykatdyr. Ady Görogly bilen bagly galalaryň hemmesinde onuň keramatly gylyjyny oýnadandygy, ähli Çandibillerde Göroglynyň saz çalyp, nama gaýyrandygy, ol daglarda, gaýalarda Göroglynyň edermen ýigitleri bilen at çapdyryp gezendigi aýdylýar. Bir halkyň nusgasynda Göroglynyň ýigitleriniň sany 7777 (ýedi müň ýedi ýüz ýetmiş ýedi), käbir halklarda 70 (ýetmiş), türkmen nusgasynda bolsa 40 (kyrk) ýigitdir. Şonuň üçin hem türki halklaryň gelip çykyşy boýunça kökleriniň uzap gidýän taryhy menziliniň uzaklygyna esaslanmak ýerlikli bolsa gerek.

Belli gündogarşynas professor Ý.E.Bertelsiň: «Türkmen halky Göroglynyň üsti bilen özüni talap, gula öwürmek islän şalaryň, hanlaryň, begleriň we beýleki wagşylaryň garşysyna söweşmekde öz arkadagy — howandary, goragçysy bolan gaýduwsyz gahrymanyň obrazyny döredipdir. Görogly halk bilen mäkäm baglydyr, jemagat bilen Göroglynyň arasyny üzmek mümkin däl» diýýär. Türkmen edebiýatçysy R.Rejebow bolsa: «Gahrymançylykly dessanyň iň ýokary formasy «Görogly» eposydyr. Şoňa görä-de gahrymançylykly dessanyň aýratynlyklaryny kesgitlemekde esasy çeşme «Görogly» eposy bolup durýar» diýip belleýär.

Göroglynyň adynyň has gadymy manysy türkmeniň iňňän gadymy döwürlerdäki Güne bolan dini ynançlaryndan gaýdýandygyny hem tassyklaýarlar. Elbetde, türkmeniň Güne uýan, çokunan döwürleri baradaky maglumatlaryň düýpden diýen ýaly saklanyp galmandygy Göroglynyň ady barada berjek düşündirişimizi kynlaşdyrýar. Emma şeýle-de bolsa nesilbaşymyz Oguz hanyň ogullarynyň adynyň Gün handygy, Aý handygy, Ýyldyz handygy halkymyzyň ýagtylyga bolan garaýşynyň milli köklerini aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, garaňkylykdan (görden) ýagty dünýä çykan çagajygyň adyna eposda Röwşen dakýarlar. Bu milli ýörelgäni türkmeniň taryhy şahsy bolan Ärsarybabanyň agtygynyň adynyň hem Güneş bolandygy bilen baýlaşdyryp bolar.

Azerbaýjan alymy FJalilow hem: «Asyl «Göroglynyň» gadymy nusgasy Türkmenistanda galýar» diýip («Şarg» gazeti, 22-nji sentýabr 2016) belleýär.

Görogly begiň asyl gelip çykyşynyň türkmen halkyna degişlidigi baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän eserleriň sanawyny okyjylara hödürlemek dogry bolsa gerek.

Gulihiromon. Toşkent, 1965;

Körugly. Almaata, 1973.

«Göroglynyň» türkmen nusgasyndaky geografik atlar barada käbir maglumatlara üns bermek gerek. Eseriň «Kyrk müňler» şahasynda: «Çandybiliň kyblasy Balkan dagydy» diýilýär. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäklerinde Buldur gassabyň galasynyň, Weýeňňam şäheriniň taryhy yzlary bar. «Görogly» eposynda Aşyk Aýdyň piriň edebi keşbi möhüm ähmiýetli orny eýeleýär. Şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň düýneýän ýeri bolan Aşyk Aýdyň piriň gubury, onuň ýaşan şäheriniň — Şähribossanyň taryhy galyndylary hem-de piriň hormatyna bina edilen ýadygärlik bilen metjit häzirki wagtda gadymy Wasda (Daşoguz welaýatynda) ýerleşýär.

Agaýunus periniň Öwez oglunyň kaddy-kamatyna guwanyp, goluna saz alyp, aýdan sözlerine üns bereliň:

«Üç ýüz altmyş öwlüýä — piriň, Öwez jan, Jylawyňda hemme, döwran seniňdir».

Gürrüňi edilýän üç ýüz altmyş piriň taryhy ýadygärlikleri hem gadymy Ürgenjiň — häzirki Köneürgenjiň goýnunda ýerleşýär. Ol diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem dünýäniň ençeme halklarynyň görmek isleýän we häli-şindi zyýarata gelýän mesgenidir.

Türkmenistanda Göroglynyň wakalarynyň ýaýbaňlanýan geografik atlaryndan başga-da buýsanjymyzy goşalandyrýan gymmatlyklaryň sany barha köpelýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda Göroglynyň hormatyna bina edilen heýkeller onuň kowumdaşlarynyň häli-şindi barýan ýerleridir. Daşoguz welaýatynyň bir etraby Göroglynyň adyny göterýär. Göroglynyň keşbi çekilen milli manadymyz-da bardyr. Mahlasy, Görogly bilen günde-günaşa ýüzbe-ýüz bolmaýan türkmenistanly ýokdur. Bu örän anyk hakykatdyr. Göroglynyň ady külli türkmeniň göwün şady. Görogly türkmeniň ruhubelentlik şamçyraglarynyň biri. Eýsem, Göroglyny şeýle belent derejä ýetiren gudratly hikmet nämekä?! Bu sowala hiç hili oýlanyşmazdan onuň öz Çandybiline — ata Watanyna bolan egsilmez söýgüsi diýip jogap berip bolar. Atasy Jygalybegiň, kakasy Adybegiň süňňünden syzylyp, Göroglynyň ganyna siňen bu ajaýyp häsiýet islendik türkmen ýigidine halkyň hakydasynda hemişelik orun almagyň mizemez nusgasy bolup hyzmat edýär. Göroglynyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmejek hormatynyň ähli syry, ähli hikmeti onuň tutuş ömrüniň watanperwerlik atly ýönekeýden gelen mizemez duýga ýugrulandygyndadyr. Ol özüniň ähli gujur-gaýratyny, başarnygyny, mümkinçiligini perzent dilemän, diläp ýeten Gyratyny, Üçgümmez dagynda erenleriň bagyşlan mümkinçiliklerini, 120 ýaşyny, mahlasy, türkmençeläp aýtsaň, tutuş dünýe malyny, hany-manyny Watanynyň, milletiniň, halkynyň mertebesini goramaga bagyşlap, merdi-merdanalygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen dabarasy öz köküni şöhratly nesilbaşymyz Oguz handan alyp gaýdýan halkymyzyň milli eseri «Göroglynyň» dabarasy Mahmyt Gaznalynyň, Beýik Seljuklar döwletiniň hökümdarlarynyň, Hindistandaky we Müsürdäki türkmen hökümdarlyklarynyň, Ärtogrul Gazynyň ogly Osmanyň esaslandyran beýik döwleti, Akgoýunlylaryň we Garagoýunly türkmenleriň gadamy düşen topraklarynyň geriminden hem uzaklara ýaýrap, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň gömükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Görogly özüni söýýänleri söýýändir. Şonuň üçin sözlerimizi Göroglynyň kalplara medet beriji sözleri bilen jemläli: «Özüm ölsem, ruhum goldar sizleri».

Aşyrmät Garly,

«Milli goşun».

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.