21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
18-nji aprel — Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni
18-nji aprel — Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni
18.04.2019 86 Habarlar

ICOMOS — tutuş dünýä boýunça ýadygärlikleri goramak bilen meşgullanýan halkara hökümet däl gurama bolup, 37 ýyl mundan öň bu düzüm 18-nji apreli «Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni» diýip yglan etdi. ÝUNESKO bu başlangyjy 1983-nji ýylda geçirilen 22-nji Baş konferensiýasynda makullady. Şondan bäri 18-nji aprel medeni mirasy baýram etmegiň we wagyz etmegiň güni hem-de onuň köpdürlüligi, möhümligi, ony goramagyň hajatlary we bähbitleri bilen tanyşmak mümkinçiligi bolup durýar.

ICOMOS her ýyl dürli ýurtlardaky milli komitetleri we beýleki guramalar tarapyndan guralýan baýramçylyk çäreleriniň esasy temasyny hödürleýär. Olar hem bu meselelerde jemgyýetiň habarlylygyny artdyrmak isleýärler.

2019-njy ýylyň Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara gününiň temasy «Obanyň tebigy gözellikleri» diýlip atlandyryldy.

Munuň özi garamagynda ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň ýadygärlikleri bolan milli guramalaryň oba tebigatynyň möhümligi, olary goramagyň meseleleri, şol tagallalaryň artykmaçlyklary hem-de oba tebigatynyň we durnukly ösüşiň arasyndaky bar bolan içerki gatnaşyklar hakynda bilimleri giňden wagyz etmek maksady bilen, çäreler tapgyryny geçirjekdigini aňladýar. Olar jemgyýetiň her bir raýatynyň ýaşaýan ýerinde oba tebigatyny döretmäge, onuň ýaşamagyna, özgermegine we baýlaşmagyna dahyllydygyny gürrüň bererler. Galyberse-de, ähli adamlaryň ene topragyň arassa saklanmagy üçin jogapkärçilik çekýändigini ýatlatmak möhümdir.